Arkadagly Serdary bar ýaşlaryň

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň 29-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde 2023-nji ýylyň şygaryny we nyşanyny tassyklady. Şeýlelikde, ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipleri esasynda, täze ýylyň şygary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi.

Ýylyň nyşanynda ýerleşdirilen şekiller Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň parahatçylygyny, bagtyýarlygyny, ösüşe we oňyn özgertmelere tarap ymtylyşy, ýaşlaryň watançylyk duýgusyny alamatlandyrýar. Türkmenistanyň röwşen geljegi ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr. Nyşanyň umumy mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň ak ýolunda, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda bütin halkymyzyň jebis bolup, ýaşlar bilen geljekde ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda gujurly we gaýratly zähmet çekjekdigini beýan edýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 28-nji ýanwarynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm waka — Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýy geçirilip, ol döwlet derejesinde buýsançly waka öwrüldi. Baýramçylyk ruhunda geçirilen foruma ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň agzalarynyň öňdebaryjy ýaşlary gatnaşyp, onuň gün tertibinde birnäçe meselelere seredildi. Çykyş edenler, esasanam, Arkadagly Serdarymyzyň: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir» diýen sözlerine uýýandyklaryny, ýaşlara eziz Watanymyzyň at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýän gurujylar hökmünde ynam bildirýändigine buýsanýandyklaryny nygtadylar. Türkmen ýaşlarynyň baş maksadynyň okamak, öwrenmek, zähmet çekmek bolup, kämilligiň basgançaklaryna aralaşmakdan, täze taryhy döwürde Arkadagly Serdarymyzyň özlerine bildirýän beýik ynamyna mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmek bilen jogap berjekdiklerine ynandyrdylar.

Gurultaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek meselelerine seredildi hem-de degişli Kararnama kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzda ýaş raýatlarynyň bähbitlerini goraýan uly jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasy esasynda alyp barýan işleriniň döwür bilen kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Äsälhan KARIMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok