Ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda BMG-nyň resmi dilleri bolan iňlis, ispan, fransuz, rus, arap we hytaý dilinde “Men we meniň gymmatlyklarym” atly düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň esasynda Türkmenistan döwletimiziň BMG-nyň ÝUNESKO guramasy bilen bilelikde ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda ynsançylyk ýörelgelerini we parahatçylyk düşünjesini ýaýmak arkaly türkmen halkynyň maddy we maddy däl gymmatlyklaryny gorap saklamakda we nesilden-nesle geçirmekde alyp barylýan işlerini ýaşlarymyzyň arasynda wagz etmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşige 300-den gowurak talyp gatnaşdy.
Bu bäsleşige has işjeň gatnaşan yokary okuw mekdepleriň hatarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyny, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty mysal getirmek bolar. Bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Baýnazar Nepesow mynasyp boldy.
Teswirler