Türkmenistanda internet-banking hyzmatyny ulanýanlaryň sany 932,7 müňe ýetdi!

2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda internet-banking hyzmatyndan peýdalanýan ulanyjylaryň umumy sany 932,7 müňe ýetdi. Bu barada, Türkmenistanyň Merkezi banky mälim edýär.

Häzirki wagtda ýurt boýunça internet-banking hyzmatyna hasaba alnan ulanyjylaryň sany boýunça Mary welaýaty öňde barýar. Mary welaýatynda — 215,03 müň adam bu hyzmatdan netijeli peýdalanýar.

Ikinji ýerde Lebap welaýaty durýar — 210,3 müň ulanyjy. Aşgabat şäheri 190,02 müň ulanyjy bilen üçünji orny eýeleýär.

Internet-bankingden iň köp ulanyjy «Daýhanbank» bolup durýar. Häzirki wagtda bu bankyň internet-banking hyzmatyndan 346,7 müň adam peýdalanýar. Ikinji ýerde «Türkmenistan» banky durýar (294,4 müň), liderleriň üçlügini «Türkmenbaşy» banky jemleýär (166,1 müň).

Internet-bankinge baglanmak bilen, hasaplaryňy barlamaga, onlaýn-göçürme almaga, karzlaryň töleniş möhletini yzarlamaga, beýleki hasaplara serişdeleri geçirmäge we ş.m. mümkinçilik berýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok