Ilatly oba golaý ýerdäki ýangyç guýýan bekediň durky täzelenip, ulanmaga berildi

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasy Murgap etrabynyň merkezine ýanaşyk ýerde, etrabyň köp ilatly obalaryna gidýän uly ýoluň gyrasynda 186-njy awtoulaglara ýangyç guýýan, durky düýpli täzelenen bekedi ulanmaga berdi. Täze beketde sürüjiler öz awtoulaglaryna benziniň A-80, A-92, A-95, ECO-93 görnüşlerini, şeýle hem dizel ýangyjyny guýup bilýärler.

Her gije-gündizde 650 sany awtoulaga hyzmat etmäge niýetlenen beketde ýangyç guýujy kämil tehnologiýaly enjamlar ornaşdyrylypdyr. Bu ýerde sürüjiler tölegleri nagt hem-de nagt däl görnüşinde amala aşyryp bilýärler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok