Dürli görnüşli bägüller ýetişdirilýär

Çärjew etrabynyň Kölaryk obasynyň ýaşaýjysy Gafur Togtamyşewiň hojalygyna degişli ýyladyşhanada bägülleriň iň täze görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär.

Has takygy, ýyladyşhanada gyzyl, gara, ak görnüşli golland bägülleri ýetişdirilip, häzirki wagtda olara göwnejaý ideg edilýär. Bu ýerde her biriniň ini 9, uzynlygy 30 metr bolan ýyladyşhanalaryň 4-si bar. Ýyladyşhanalaryň hersinde 3000-e golaý düýp gül şitilleri oturdyldy. Nesip bolsa, ýakyn günlerde, gülleriň täze görnüşleriniň satuwa çykaryljakdygy habar berilýär. Bu bolsa welaýatymyzyň gülçüleriniň Halkara zenanlar gününe mynasyp sowgady bolar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok