Aýralyk derdini nädip ýeňip geçmeli?!

Islendik romantiki gatnaşyklaryň iki ugry bar: ýa hemişelik bile bolarsyňyz, ýa-da aýrylyşarsyňyz… Ýöne gynansak-da, ikinji aýdylanyň has köp bolýandygyny aýdyp bolar. Aýralyklar durmuşyň bir bölegi, ýöne bu döwri başdan geçirmegiň ýollaryny bilýän bolsaňyz, aýralykdan soň hem täze sahypa açyp bilersiňiz!

Kinolardaky ýaly söýgini başdan geçirmek isleýärsiňiz ýa-da şol barada pikir edýäňiz. Ýöne ähli zat isleýşiňiz ýaly gidenok…  Indi hemme zady taşlap, aýralyk derdini ýeňip geçmegiň wagty geldi. Onuň birnäçe ýönekeý usullary bar! Geliň öwreneliň, belki gerek bolar!

FIZIKI AGYRY DIÝIP PIKIR EDIŇ!

Hünärmenler, aýralygy fiziki agyryny başdan geçiren ýaly pikir etmegiňizi maslahat berýärler. Aýagyňyzy döweniňizden soň sport zalyna baryp bilmersiňiz. Aýralyk hakda hem şeýle pikir ediň! Bu emosional şikeslere hem fiziki agyry ýaly serediň, özüňize gowulaşmak üçin wagt beriň!

DUÝGULARYŇYZ BILEN ÝÜZLEŞIŇ!

Aýralykdan soň duýgularyňyza garşy durmak ýa-da duýgularyňyza garşy hereket etmek ýeňil düşmez. Hünärmenler, aýralygyňyz we geçen gowy günler, gatnaşyklaryňyz barada günüň dowamynda 10-20 minutdan köp wagt aýyrmagy maslahat bermeýär. Bu meselede özüňizi nähili duýýandygyňyz we nädip ýeňip geçmelidigiňiz barada pikir ediň!

SIZI BEGENDIRÝÄN ZATLARY TÄZEDEN GAÝTALAŇ!

Taýyňyz bilen sizi begendirýän zatlary öňküsi ýaly etmän bilersiňiz. Ýöne ruhdan düşmäň! Begenmek, şatlanmak üçin dürli ýollardan peýdalanyp görüň!

GOLDAW ALMAKDAN ÇEKINMÄŇ!

Bu kyn döwri diňe ýekelikde başdan geçirmek hökman däl. Dostlaryňyz we size ýakyn adamlar bilen köpräk wagt geçiriň. Şeýlelik bilen, täze durmuşyňyza wagtyň geçmegi bilen öwrenişip bilersiňiz.

WAGTA GOÝUŇ!

Aýralygy ýeňip geçmek üçin näçe wagt gerek? Muňa anyk jogap ýok.Gynanmagyňyz we lapykeçligiňiz bir gijede aradan aýrylmaz. Aýralygy ýeňip geçmek üçin gerekli bolan wagt siziň gatnaşyklaryňyza bagly bolup durýar we şoňa görä-de üýtgeýär.

SAPAK ALAN ZATLARYŇYZA ÜNS BERIŇ!

Bu gatnaşyklaryň size näme öwredendigini we bu aýralykdan nähili sapak alandygyňyzy pikirlenip gowy netije çykaryň. « – Bu maňa durmuşda indi şeýle ýagdaýlaryň bolmazlygy üçin gowy sapak boldy» – şeýle pikir ediň! Netijede, aýralyk derdini birneme ýeňilleşdirip bilersiňiz.

DYNÇ ALYŇ!

Wagt ýitirmän başga biri bilen ýene şeýle gatnaşygy ýola goýjak bolup howlukmaň! Bu ýagdaý aýralyk derdini ýeňip geçmek üçin gowy çykalga däl! Biraz wagtlap hoşniýetli we romantik gatnaşyklardan uzak durmaga synanyşyň!

ONY ÝATLADÝAN ZATLARDAN DAŞDA DURUŇ!

Aýrylyşan adamyňyzy ýatladýan zatlardan uzak durmaga synanyşyň. Onuň alyp beren sowgatlary, şoňa degişli zatlar, bilelikde gidilen ýerler, bilelikde diňlenilen aýdym-sazlar size ony ýatladyp durar. Şonuň üçin hem ol zatlardan daşda duruň! Bu size özüňizi gowy duýmaga kömek eder!

ÜNSI ÖZÜŇIZE GÖNÜKDIRIŇ!

Bu döwürde bedeniňize we ruhuňyza peýdaly zatlary ediň. Sagdyn iýmitleniň, maşk ediň we köpräk özüňize gyzykly bolan zatlary ediň!

Atajan EÝÝUPOW.

Teswirler

Agajan

Eğer aýralyk ýüze çykan bolsa onda ol çyn söýgi däldir. Söýgi ilk günlerde "meniň diýenim bolsun", "meniň diýenimden çykmasyn", "men,-men" bilen dowam eder. Bu bolsa başga wariantlaryň gözlegine, söýgüni sowamagyna we ojagyň ýykylmagyna sebäp bolar. Iki tarap hem "Menligini taşlamasa" ir-u giç aýralyk ýüze çykar. Belki 1-5 ýyldan, belki-de 10-15 ýyldan... 45-55 ýaşynda aýrylyşyp ýorenler bar. Awtor ýazgylaryňyzyň tekstine üns beriň! Makalada terjimäniň täsiri bildirýär.

suleyman

oz dashky gornushini uytgetmek sachyny daralshyny uytgetmek geyyan esiklerinizi uytgetmek sholam tasir edya

Maýa

Näme etsekde çyn söýgini unudyp bolmaýar eken

Begli

Sular yaly yagdaylaryn oni almak un duygulary erkine goybermezlik dogry bolarmyka diyyan