Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowaçlyklar bilen nurlanýan ajaýyp günlerinde peder ýoluny mynasyp dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim özgertmeleriniň hem-de üstünlikleriniň binýady barha berkeýär. Döwrüň kämil innowasiýalaryny we täze tehnologiýalary ulanmak arkaly giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Şunda öňdebaryjy tejribä hem-de ylmyň gazananlaryna daýanmak arkaly, olary halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna ornaşdyryp, ýurdumyzyň ykdysady-syýasy, medeni we bilim kuwwatyny artdyryp, eziz Watanymyzy okgunly ösüş ýoly bilen öňe alyp gitmek babatda oňyn başlangyçlar öňe sürülýär. Şol nukdaýnazardan hem, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, täzeçe pikirli ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Mähriban Watanymyzda amala aşyrylýan bilim syýasatynyň esasy maksady ylym-bilimiň ähli raýatlarymyz üçin elýeterliligini üpjün etmekden, ýaş nesilleriň ukyp-başarnygyny, zehinini doly ýüze çykaryp bilmegi üçin oňaýly şertleri döretmekden ybaratdyr. Kabul edilen döwlet maksatnamalaryň çäklerinde eziz Watanymyzda çagalar baglarynyň, orta, ýörite we ýokary okuw mekdepleriniň binalarynyň gurluşygy dowam edýär. Bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy irki döwürde çagalaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga hem-de ösdürmäge, geljek ýyllarda ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak üçin milli mugallymçylygyň baý tejribesine daýanyp, olary göwnejaý alyp barmaga mümkinçilik berýär.
Bilim edaralarynyň okuw-gollanma üpjünçiligini gowulandyrmak, şol sanda döwrebap okuw kitaplaryny hem-de gollanmalaryny elýeterli etmek boýunça uly işler ýola goýuldy. Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy bilen, esasy we beýleki dersler bilen birlikde pedagogika we psihologiýa boýunça okuw dersleriň girizilmegi hem aýratyn bellärliklidir. Çünki pedagogika hem psihologiýa ýaş nesliň kämil aň-düşünjeli, sagdyn pikirli, arassa ahlakly, zehin-başarnykly bolmagyna itergi berýär. Şeýle-de öwrenilýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek baradaky başlangyçlar bu ugurdaky nobatdaky möhüm ädim boldy. Ylym-bilim dürli ýurtlaryň we halklaryň bilim hem-de ylym ulgamlarynyň arasyndaky baglanyşdyryjy dostana gatnaşyklaryň häzirki döwür we geljek üçin ygtybarly köprüdir. Çünki bilimiň hem tehnologiýalaryň intellektual we döredijilik serişdeleriniň işjeň dolanyşygynyň täze eýýamynda bilim ulgamy halkara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejesini görkezýär. Bagtyýar ýaşlarymyzyň alýan döwrebap bilimleriniň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynda iş ýüzünde ulanylmagy eziz Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň möhüm görkezijisidir.
Häzirki wagtda ähli pudaklarda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Täzeçe bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän mugallymlaryň hem hünäri ýokarlandyrylýar, ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okuw mekdepleriniň arasynda halkara gatnaşyklary ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda häzirki zaman ylmynyň işjeň ösdürilmegi ýurdumyzy innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlaýjy döwletleriň hataryna çykarmaga şert döredýär. Türkmen ýaşlarynyň bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga höwesi barha ýokarlanýar, diýmek, ylmy-tehniki ösüşe saldamly goşant goşýan ýaş türkmenistanlylaryň täze neslini kemala getirmek üçin ähli şertler döreýär. Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ulgamynda amala aşyrylýan möhüm başlangyçlar Arkadagly Serdarymyzyň türkmen jemgyýetiniň ösüşine kuwwatly itergi bermek, ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine çykarmak maksady bilen durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriniň üstünlige beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Durdygül AKMYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň mugallymy,
pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
Teswirler