Hukuk taýdan sowatlylygyny gazanmak, maşgala gymmatlygy barada düşünjäni ýaş raýatlaryň aňynda ornaşdyrmak maksady bilen ýurduň ähli künjeklerinde degişli edaralar tarapyndan wagyz-nesihat işleri yzgiderli alnyp barylýar. Şeýle maslahatlar Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda hem geçirilýär. Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň polisiýa bölüminiň kapitany Samadow Ýusup şu temadaky möhüm belliklerini okyjylarymyza ýetirýär.
Röwşen geljegiň ugrunda tagallalar
Döwletimiziň röwşen geljegi bolan ýaş nesillermiziň ajaýyp zamanamyzda Watanymyza, ene topragymyza ygrarly, ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn, dünýägaraýyşy ösen aň-düşünjeli, medeniýetli, ulyny sylaýan, kiçä hormat goýýan, kämil ahlakly bolup ýetişmegi jemgyýetimiziň öňünde durýan baş wezipeleriň biridir.
Maşgala, ene-atalyk we çagalyk konsitusiýa tarapyndan goralýar
Esasy kanunymyzyň 40-njy maddasyna laýyklykda, maşgala, enelik, atalyk we çagalyk döwletiň goragynda durýar. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýalyň özara razylygy boýunça nikalaşmaga we maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal deňhukuklydyr. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňynda ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar. Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär.
Degişli edaralar maşgala gymmatlyklary barada wagyz-nesihat işleri geçirip durýar
Durmuşda salamlaşmagy, gepleşmegi, dost tutunmagy, umuman ynsan gatnaşyklarynda ýüze çykýan her bir hereketi düzgünleşdirýän ahlak kadalary bar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, çaga terbiýesini ahlak kadalaryna laýyklykda göwnejaý gurnamak üçin ata-eneler bilen birlikde çagalar baglarynda, orta ýörite we ýokary okuw mekdeplerinde köp sanly işler netijeli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwletiň başga edara-kärhanalary hem utgaşykly terbiýeçilik işlerini alyp barýarlar. Şeýle hem Babadaýhan etrabynyň Polisiýa bölüminiň işgärleriniň gurnamagynda etrabyň çägindäki çagalar baglarynda, orta mekdeplerinde geçirilýän köp sanly wagyz-nesihat işlerini bellemek bolar.
Jogapkärçiligini ýerine ýetirip bilmedik ata-eneler çagalaryna hossarlykdan mahrum edilerler
Islendik jemgyýetde çaganyň ahlak terbiýesi babatda aýratyn jogapkärli orun ata-enä degişlidir. Çünki çagalar barada gündelik alada etmek, ilkinji nobatda ata-enäniň borjy hasaplanylýar.
Eger-de çaganyň kanuny hukuklary bozulan halatynda, ata-enäniň ýa-da olaryň biriniň ata-enelik hukugyndan mahrum edilmegi ýa-da çäklendirilmegi Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň degişli maddalary esasynda amala aşyrylyp, ata-eneleriň biri ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky gulluk, hossarlyk we howandarlyk edarasy ýa-da çaganyň hukuklaryny goramak borjy ýüklenen edara, şeýle hem prokuror tarapyndan ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda şu aşakdaky esaslar boýunça kazyýete ýüz tutmaga haklydyrlar.
Ýagny, ata-ene ýa-da olaryň biri ata-enelik borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz dönderseler ýa-da öz ata-enelik hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalansalar, çaga ýowuz çemeleşseler, oňa fiziki ýa-da psihiki zorluk ulansalar, özleriniň ahlaksyz hereketleri bilen çaga zyýanly täsir etseler, öz çagasynyň ýa-da äriniň (aýalynyň) ömrüne we saglygyna garşy bilkastlaýyn jenaýat etseler ata-enelik hukugyndan mahrum etmäge esas bolup, şu işler kazyýet tertibinde çözülýär.
Çaganyň ilkinji hossary – döwletdir!
Şonuň ýaly-da ata-ene ýa-da olaryň biri özlerin alyp baryşlaryny, durmuşa we çaganyň terbiçesine bolan garaýyşlaryny üýtgeden bolsalar, olaryň ata-enelik hukuklary dikeldilip bilner. On ýaşyna ýeten çaga babatda ata-enesiniň ýa-da olaryň biriniň ata-enelik hukularynyň dikeldilmegi diňe ol çaganyň razylygy bilen geçirilýär. Eger çaga perzentlige alnan bolsa we perzentlige almaklyk hakyky däl diýlip ykrar edilmedik ýa-da ýatyrylmadyk bolsa, ata-enelik hukuklarynyň dikeldilmegine ýol berilmeýär.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyklykda, kazyýet çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almak bilen, ata-enäni ýa-da olaryň birini ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmezden, ata-enelik hukuklaryny çäklendirip, çagany almak hakynda çözgüt çykaryp biler. Eger çaganyň ata-enesi ýa-da olaryň biri bilen bile bolmagy ata-enä bagly bolmadyk ýagdaýlar (psihiki bozulma ýa-da başga dowamly kesel, agyr ýagdaýlaryň bolmagy we ş.m) sebäpli çaga üçin howply bolsa, ata-enelik hukularynyň çäklendirilmegine hem ýol berilýär. Çaga ata-enesiniň ikisiniň hem ata-enelik hukuklary çäklendirilen halatynda, hossarlyk we howandarlyk edarasyna berilýär. Ata-enelik hukuklarynyň çäklendirilmegi netijesinde agany terbiýelemek hukugyny, şeýle hem çagalar üçin bellenilen ýeňilliklere we döwlet kömek pullaryna bolan hukugyny ýitirýär, emma ata-enäni çagany ekläp saklamak boýunça borçlaryndan boşatmaýar. Eger ata-enäniň ýa-da olaryň biriniň ata-enelik hukuklaryny çäklendirmek üçin esas bolan sebäpler aradan aýrylan bolsa, çagany ata-enesine gaýtaryp bermek we ata-enelik hukuklarynyň çaklendirilmegini ýatyrmak hakynda kazyýet çözgüt çykaryp biler.
Hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy beýleki adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem ahlak kadalaryny, kanunyň talaplaryny, jemgyýetçilik tertibini bozmaly däldir. Jemgyýetde her-bir adamyň öz mynasyp ornuny tapmagy jemgyýetimiziň ösüşiniň iň möhüm serişdeleriniň biridir. Ýaşlaryň ýaramaz pişelerden daşda durup, hukuk bozulmalara hem-de jenaýatçylyga baş goşmasyzlygyny gazanmak üçin Babadaýhan etrabynyň polisiýa bölümi tarapyndan wagyz nesihat işleri gurnalyp etrap prokuraturasynyň, hossarlyk howandarlyk topary bilen bilelikde utgaşykly işler geçirilýär.
Her bir raýatyň abadan durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun.
Ýusup SAMADOW
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň
polisiýa bölüminiň kapitany
Teswirler