Ýylyň şygary — üstünliklere badalga

Her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerilip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen, 2023-nji ýyl «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edildi. Bu çözgüt ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly derejede gatnaşmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek, ýaş nesilleri halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek, olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini, şahsy başlangyçlaryny goldamak we höweslendirmek maksady bilen kabul edildi.

Eziz ýurdumyzda ýaş nesilleriň kämil ylym-bilim almagy, sport bilen meşgullanmagy, hünär öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler, ähli döwrebap şertler yzygiderli döredilýär. Bu bolsa türkmen ýaşlaryny täze maksatlara, belent üstünliklere höweslendirýär. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ýylyň-ýylyna ylmy we taslama işleri boýunça, döredijilik bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilmegi nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, berk bedenli, sagdyn ruhly şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda uly işleriň amal edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň halkyň, ýurduň ykbalyna dahylly bolmaly adamlardygyny nygtaýar. Ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny kämilleşdirmek ugrunda  Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyz bagtyýar ýaşlara eziz watanymyzyň gelejegini gurujylar hökmünde garap, olara uly ynam bildirýär. Arkadagly Serdarymyzyň şeýle belent ynamyny ödemek bolsa her bir ýaş nesliň mukaddes perzentlik borjudyr.

Yhlasly zähmeti bilen eziz Watanymyzyň gülläp ösüşine mynasyp goşant goşýan mähriban halkymyzyň kalby eziz halkym diýip taýsyz tagallalar edýän, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, ýaşlar üçin giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşdan, çäksiz buýsançdan püre-pür!

Goý, mähriban halkymyzyň bagtyýar hem-de abadan, asuda durmuşda ýaşamagy ugrunda uly aladalar edýän Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň dowamaty dowam bolup, beýik işlerinde rowaçlyklar ýar bolsun!

Gunça BAÝRAMOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň
Senagat ekologiýasy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok