Türkmenistanyň Prezidenti Garagum derýasynda dörän buz gatlagyna ünsi çekdi!

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Serdar Berdimuhamedow dikuçar arkaly tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan «Galkynyş» gaz känine bardy. Bu ýerde Döwlet Baştutanymyz möhüm desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, ýurdumyzda täze känleri açmagyň we olary senagat taýdan özleşdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti dikuçarda welaýatyň çäginden geçýän Garagum derýasyny synlady. Sowuk howa akymlarynyň ýurdumyzyň çägine aralaşmagy bilen, derýada buz gatlagy döräpdir. Şoňa görä-de, onuň kenarlaryny berkitmek işine jogapkärçilikli çemeleşmek gerek diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok