Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän parasatly başlangyçlary, durmuşa geçirýän dünýä nusgalyk işleri netijesinde her bir günümiz uly üstünliklere, taryhymyza şan getirjek wakalara beslenýär. Bu bolsa adam hakyndaky aladany ilkinji orunda goýýan hormatly Prezidentimiziň il bähbitli işleriniň barha rowaçlanýandygyna güwä geçýär.
Elbetde, her bir raýatyň şeýle bimöçber aladalar bilen gurşalan döwletinde ýaşamak, işlemek, ata Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine amala aşyrylýan beýik işlere, azajygam bolsa, öz goşandyňy goşmak — biziň her birimiz üçin döwletlilikden nyşan. Eziz Diýarymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň tutumlarynyň rowaç bolmagy halkymyzyň diliniň senasydyr.
Her ýyly mynasyp atlandyrmak indi türkmen halkynyň asylly däbine öwrüldi. Täze, 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ählimiziň göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Ýylyň şeýle atlandyrylmagynda çuň many bar. Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň ertirki gününi şan-şöhrata beslemekde şu günki merdana ýaşlarymyza berk ynam bildirýär, eziz Diýarymyzyň röwşen ykbalyny şu günki ýaşlarda görýär.
Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp, ýurdumyzyň uly ösüşlerini wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde zähmetimizi gaýgyrmarys. Goý, bizi şeýle döwletli-döwranyň gujagynda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Nafisa KAMALOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler