Sport – dost-doganlygyň hem-de parahatçylygyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty giňden ösdürmek we häzirki zaman türkmen jemgyýetinde zyýanly endikleriň öňüni almakda wajyp orun eýelän sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýaş­la­ry berk be­den­li, sag­dyn, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly adam­lar edip ter­bi­ýe­le­mek­de be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň aý­ra­tyn or­ny bar­dyr. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lup, hä­zir­ki wagt­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek iş­le­ri do­wam et­di­ril­ýär. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň esa­sy hök­mün­de ýaş­la­ryň sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy­ny bel­le­mek bo­lar.

El­bet­de, be­den­ter­bi­ýe we sport ila­tyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek bi­len bir ha­tar­da, ada­myň şah­sy­ýet hök­mün­de be­den ösü­şi­ne, sag­ly­gy­na, iş­jeň­li­gi­ne, kä­mil­leş­me­gi­ne uly tä­sir ed­ýär. Be­den­ter­bi­ýe bi­len meş­gul­lan­ma­gyň en­di­ge öw­rül­me­gi, il­ki bi­len, adam­da go­wy hä­si­ýet­le­riň ke­ma­la gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Bu bol­sa şah­sy­ýe­tiň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Bu gün­ki gün­de türk­men ýaş­la­ry spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ýar­lar we dün­ýä­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da my­na­syp orun­la­ry eýe­le­ýär­ler. Bu bol­sa, il­ki bi­len, ola­ryň sag­dyn­ly­gyn­dan, ru­hu­be­lent­li­gin­den ha­bar ber­ýär.

Ýur­du­myz­da ýaş­la­ryň sag­dyn ös­me­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Biz hem şeý­le müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ze tüýs ýü­rek­den buý­san­jy­my­zy be­ýan ed­ýä­ris. Goý, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag bol­sun, be­ýik iş­le­ri üs­tün­lik­le­re bes­len­sin!

Ýyldyz ÝAZMUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok