Söýgüli kinofilmleriňiziň aýdymlaryny diňläsiňiz gelýärmi?!

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň belli estrada ýyldyzlarynyň ýerine ýetirmeginde ýatlarda galan filmleriň meşhur aýdymlary ýaňlanar.

Mundan başga-da bu konsertde eýýäm näçe ýylyň geçenine garamazdan hit bolan ençeme aýdymlar aýdylar. Bular bilen siz öz “ýaşlyk ýyllaryňyzy” ýada salyp bilersiňiz.

Konsertde ýurdumyzyň estrada ýyldyzlary bolan Züleýha Kakaýewa, Ahmet Atajanow, Döwran Şammyýew, Leýli Mämmedowa, Söhbet Kasymow we başgalar çykyş ederler.

Konsert 22.01.2023-de, sagat 18:00-da başlanar.

Kuwwat Berdimyradow,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
“Teatr sungaty” fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok