«Arkadag şäheri» adyna eýe bolan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň belent nusgasydyr. Arkadag şäherinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleriniň atlarynyň dakylmagy hem halkymyzyň taryhy şahsyýetlerine bolan taýsyz hormat-sylagyny görkezýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen täze şäherde gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet Saçly Dursunowanyň, Halkara atçylyk akademiýasyna ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýetlidir.
Şäherde ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýolyşyklar, agyz suwuny we tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnalyp, ekologik taýdan arassa elektrobuslar, elektromobiller hereket eder. Täze merkeziň amatlyklary we artykmaçlyklary Arkadag şäherini dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürmäge mümkinçilik berýär.
Sahawatly türkmen topragynyň iň owadan künjekleriniň biri bolan Köpetdagyň eteginde bina edilen döwrebap şäher göwünleri galkyndyrýar. Bu döwrebap şäherde bina edilýän bilim we terbiýeçilik merkezlerinde döwrümiziň bagtyýar nesilleri ylym-bilim öwrenip, hünärleri özleşdirerler. Bagtyýar raýatlarymyz dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze jaýlarda rahat ýaşarlar. Täze şäherde geçirilýän işleriň çäklerinde sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Täze «akylly» şäheriň binagärlik keşbiniň aýratynlyklary halkymyzy diýseň guwandyrýar hem buýsandyrýar.
Jumanazar BATMANOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň uly mugallymy.
Teswirler