Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Maslahat köşgünde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahaty geçiriler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyna gatnaşmak üçin teklip edilýän jemgyýetçilik wekilleriniň sanawy welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri ýerli wekilçilikli edaralaryň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň teklipleri esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň garamagyna 2023-nji ýylyň 16-njy ýanwaryna çenli hödürleniler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty we Mejlisi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyna taýýarlyk görmek we ony geçirmek bilen bagly işlerde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýardam berler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagyndaky bilelikdäki maslahatyny geçirmek bilen bagly çykdajylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýeleşdiriler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok