Täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümi nähili bolar?!

11-nji ýanwarda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirdi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow:

Täzeden dörediljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine:

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy;

Türkmenistanyň Prezidenti;

Mejlisiň Başlygy;

Ýokary kazyýetiň başlygy;

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary;

Mejlisiň deputatlary;

Ministrler Kabinetiniň agzalary;

Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçy;

Baş prokuror;

adalat ministri;

welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri;

welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklary;

etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň hem-de şäherçeleriň arçynlary;

syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylary;

welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan teklip edilýän jemgyýetçiligiň, şol sanda ýaşulularyň wekilleri girizilse, dogry boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlygyna:

1) ýurdumyzyň Konstitusiýasyny we konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak;

2) döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna, ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna seretmek hem-de makullamak;

3) Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmesini diňlemek;

4) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine seretmek;

5) Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak degişli edilip bilner.

Halk Maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň hem-de agzalarynyň işini guramaçylyk we tehniki taýdan üpjün etmegi Halk Maslahatynyň Diwany amala aşyrar. Şeýle hem Halk Maslahatynyň Diwanynyň üstüne welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek wezipesi ýüklense, ýerli halk maslahatlarynyň has netijeli işlemegi üçin amatly bolardy diýip Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok