Adatdan daşary sowuk howa ýanwar aýynyň ortalaryna çenli dowam eder!

Häzirki wagtda ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda adatdan daşary sowuk howa ýagdaýy dowam edýär. Käbir sebitlerde kadasyndan – 10 – 16 dereje pes bolmagyna garaşylýan sowuk howanyň ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginiň ortalaryna çenli dowam etjekdigi barada aýdylýar.

Häzirki wagtda, ýagan gary derrew aýryp, ýollary arassalamak, ulaglaryň we pyýadalaryň hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri ýadawsyz zähmet çekýärler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok