200-e golaý tehnika paýtagtyň ýollaryny we gatnawly köçelerini gardan arassalaýar!

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda — gyş pasly dowam edýär. Bu möwsümde gar-ýagşyň ýagmagy, sowuk howa netijesinde, ýagan garyň doňup, sürçek emele gelip bilýändigi bilen baglylykda, ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek günüň wajyp wezipeleriniň biridir. Ony öz wagtynda ýerine ýetirmekde jemagat gullugynyň işgärleri gijesini gündiz edip, janaýamazakly zähmet çekýärler.

Häzirki wagtda ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda adatdan daşary sowuk howa ýagdaýy dowam edýär. Käbir sebitlerde kadasyndan – 10 – 16 dereje pes bolmagyna garaşylýan sowuk howanyň ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginiň ortalaryna çenli dowam etjekdigi barada aýdylýar.

Aşgabat şäherinde garyň ýagyp başlamagy bilen, jemagat gullugynyň işgärleri ýollarda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek ugrundaky degişli işleri girişdi. Gullugyň işgärleri 200-e golaý tehnikadan peýdalanyp, şäheriň ýollaryny, esasy gatnawly köçelerini gardan arassalaýarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok