Ýunus Emre Döwranow halkara geometriýa olimpiadasynda bürünç medal gazandy


Aşgabat şäheriniň 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Ýunus Emre Döwranow 9-njy Eýran geometriýa olimpiadasynda (IGO-2022) bürünç medala eýe boldy.

2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda 9-njy Eýran internet geometriýa olimpiadasy (9th Iranian Geometry Olympiad – IGO, 2022) 3 görnüşde (başlangyç -VIII, orta – IX-X, ýokary -XI-XII synplar üçin) geçirildi. Bu olimpiada 60 döwletde 9 müňden gowrak okuwçy gatnaşdy.

Bu bäsleşige Türkmenistandan gatnaşan Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ýunus Emre Dowranow işjeň gatnaşyp, bürünç medalyna mynasyp boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok