Integrirlenen olimpiada gatnaşjak okuwçylara mugallymynyň ýardam bermegi zerurmy?

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda tebigy we takyk dersleri boýunça “Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadasy geçiriler. Bu barada uniwersitetiň saýtynda giňişleýin maglumat berilýär.

“Oguz hanyň zehinli nesilleri” atly integrirlenen olimpiadasyna ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan saýlama okuw mekdeplerinden gatnaşmaga çagyrylýar. Zehin soraglary, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, iňlis dili derslerinden bäsleşiklerden ybarat bolar. Olimpiada gatnaşmaly okuwçylaryny her mekdebiň özi kesgitleýär.

Gatnaşyjylaryň sanawyny mekdepler hödürlemeli

Şeýlelikde gatnaşmagy belli bolan okuwçylaryň sanawyny her bir mekdep 2023-nji ýylyň ýanwar aýynyň 12-sine çenli dolduryp oguzzehin@gmail.com şu elektron poçta öz resminamalaryny ugratmaly.

Olimpiada üç tapgyrda geçiriler

Fewral aýynda geçiriljek integrirlenen olimpiadasy jemi 3 tapgyrda geçiriler. Olaryň I tapgyr-etrap tapgyry bolup, bu tapgyra bir mekdepden her synp boýunça 5 sany okuwçylar, gatnaşyp bilerler.

Ýeňiji bolan okuwçylar II tapgyr – welaýat we Aşgabat şäher tapgyry bolup, bu tapgyr etrap tapgyrynda saýlanan okuwçylaryň arasynda geçiriler. Bu tapgyry welaýat Baş bilim müdirliginiň ýardam bermegi esasynda geçirler.

Ýeňijiler üçin on günlik dynç alyş gurnalar

Aşgabat şäherinde geçiriljek integrirlenen olimpiadasynyň ýeňijilerini emin agzalary tarapyndan kesgitlener. Ýeňiji bolan okuwçynyň mekdeplerine we ene-atalaryna şeýle okuwçyny taýýarlandygy üçin Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan minnetdarlyk hatlary berler. Şeýle hem ýeňiji bolanlar tomusky dynç alyşda bolmaklary bilen bagly çykdajylar (ýatak jaýy, iýp-içgisi we ş.m.) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň hojalyk hasaplaşygyndaky serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok