Ýakynda geçirilen Döwlet ders bäsleşiginde ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyplaryň gazanan netijeleri ýokary boldy. Daşoguz welaýatynda ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazandylar.
Şeýlelikde TOHI-niň gazanan umumy toparlaýyn üstünlikleri:
- Türkmenistanyň taryhy – I oruna 2 talyp, II oruna 1 talyp;
- Rus dili- III oruna 1 talyp;
- Iňlis dili- III oruna 3 talyp;
- Matematika- I oruna 2 talyp, II oruna 1 talyp;
- Himiýa- II oruna 1 talyp, III oruna 2 talyp;
- Biologiýa- II oruna 1 talyp, III oruna 1 talyp;
- Ykdysadyýet- I oruna 1 talyp, II oruna 2 talyp;
- HZKT- I oruna 2 talyp, II oruna 1 talyp;
- Inžener grafika- I oruna 1 talyp, II oruna 2 talyp;
- Nazary mehanika- II oruna 1 talyp, III oruna 2 talyp;
- Materiallaryň garşylygy- II oruna 2 talyp, III oruna 1 talyp;
- Ekologiýa- II oruna 2 talyp, III oruna 1 talyp;
Şeýlelik-de I orna 8 talyp, II orna 14 talyp we III orna 11-talyp mynasyp boldular.
Talyplary bäsleşige taýýarlamakda aýratyn işjeňlik görkezen mugallymlar: Tagandurdyýewa Aýjeren, Ermetow Ýusupbaý, Kulbaýewa Gözel we Durdyýew Döwlet Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary bilen sylaglandy.
Dünýägözel ARAŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy
Teswirler
Хеммангизе улы устинликлер тазе йылларда
Talyp yoldaslaryma mundan beylak hem uly uly ustunlikleri arzuw edyarin!!!