Bagtyýar zamanyň kämil bilim ulgamy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň üstünliklere beslenýän günlerinde Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym-bilim babatda amala aşyrylýan başlangyçlar ýaşlar hakdaky aladanyň döwlet syýasaty derejesine, esasy üns merkezinde saklanylýandygyndan habar berýär. Şeýle giň möçberli bilim özgertmeleri bolsa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, geljekde eziz ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmäge, kämil hünärli, başarnykly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge şert döredýär. Islendik döwletde, jemgyýetde ylym-bilim ulgamy durmuşy kämilleşdirmekde möhüm zerurlyk hasaplanylýar. Bilim ulgamy ilkinji nobatda, ýaşlar syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Ol ertirki günüň esasy aladasy hökmünde ýokary depginde ösdürilýär. Häzirki wagtda bilim özgertmelerini dünýä derejesine çykarmakda, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar we bu ugurda dünýä nusgalyk netijeli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze bilim merkezleri, orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini gurmak, olara kämil tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň kämil ulgamyny döretmek meselelerine düýpli çemeleşilýär. Bilim ulgamyndaky gazanylýan özgerişlikler bolsa tutuş döwletimize dahylly bolup, ol bagtyýar halkymyzyň geljege bolan mizemez ynamyny kemala getirýär. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek üçin birnäçe hukuk namalary hem kabul edildi.  Bu ugurda hereket edýän bilim babatyndaky kanunçylygymyz barha kämilleşdirilip, onda ýurdumyzda amala aşyrylýan bilim syýasatynyň ýörelgeleri, maksatlary we wezipeleri aýdyňlaşdyrýar. Bu asylly işler bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirip, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky möhüm ýörelgelerini we tertibini kesgitleýär. Ylmy gazanylanlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, bilimiň hilini kämilleşdirmek esasy üns merkezinde saklanýar.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän ylym-bilim babatdaky birnäçe mümkinçiliklerdir durmuş ýeňillikleri ýaş nesilleriň esasy aladasy hökmünde göz öňünde tutulandyr. Bularyň ählisi bolsa nurana geljegimiziň eýeleri, ýagty ertirimiz bolan ýaş nesilleriň has-da yhlasly okamaklaryna, döredijilikli zähmet çekmeklerine uly ruhy goldaw bolup çykyş edýär.

Döwran ÝAGŞYGELDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok