29-njy ýanwarda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýaş sazandanyň Selim Gurbansähedowyň konserti geçirilеr.
Selim Gurbansähedow gitaranyň sesi bilen tomaşaçylara «Laskowyý Maý», «Modern Talking», Murat Nasyrow, Uma2rman, IOWA, Emin, Filipp Kirkorow, Mot, Anton Belýaýew, Gloriýa Gaýnor ýaly meşhur ýerine ýetirijileriň we aýdym-saz toparlarynyň repertuarlaryndan eserler hödürlär.
Röwşen Nepesowyň orkestri bolsa konsertda ýaş sazanda kömek eder.
Belläp geçsek, bu konsert Selim Gurbansähedowyň ilkinji konserti. Mundan öň ol orkestriň düzümünde konsertlerde çykyş edipdi. Ol özüniň awtorlyk aýdymyny ilkinji gezek ýerine ýetirer.
Petekleri aşakda görkezilen telefon belgilerinden sargyt edip bilersiňiz:
+993 (61) 72-78-63;
+993 (61) 23-52-34;
+993 (62) 93-74-41.
Teswirler