Hytaý tarapy Türkmenistanyň amala aşyrýan içeri we daşary syýasatyny berk goldaýar!

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylyň 5-6-njy ýanwarynda Hytaýda döwlet sapary bilen boldy.

Hoşniýetli we dostlukly ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda döwletleriň Baştutanlary türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerini düýpli ara alyp maslahatlaşdylar hem-de özara düşünişmegi gazandylar.

Hytaý tarapy Türkmenistanyň öz Garaşsyzlygyny yglan edenden soňra döwleti berkarar etmekde we gurmakda gazanan giň gerimli üstünliklerine ýokary baha berýär hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň, Hökümetiniň ýurtda durnuklylygy, depginli ösüşi üpjün etmek boýunça alyp barýan syýasatyny we durmuşa geçirýän çärelerini goldaýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öňde goýlan ähli maksatlaryň amala aşyryljakdygyna ynam bildirýär.

Taraplar birek-biregiň düýpli bähbitlerine degişli meselelerde özara goldawyň türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmek üçin esas goýujy ýörelge bolup durýandygyny belleýärler. Hytaý tarapy Türkmenistanyň özbaşdak saýlanyp alnan ösüş ýoluny hem-de onuň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda amala aşyrýan içeri we daşary syýasatyny berk goldaýar.

Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugatynda mälim edilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok