Türkmenistan älem giňişligini öwrenmekde Hytaý bilen hyzmatdaşlyk eder!

Mälim bolşy ýaly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna resmi sapary dowam edýär. Serdar Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna resmi saparynyň öň ýanynda «Ženmin Žiboa» gazetinde çap edilen makalasynda şeýle diýilýär:

« – Şu gün biz Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ugruny – älem giňişligini parahatçylykly maksatlar üçin öwrenmegi we ondan peýdalanmagy açýarys»

Türkmenistanyň Prezidenti hytaý tarapyna biziň ýurdumyz üçin täze ugur bolan bu pudagyň döredilmeginde eden kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi, bu pudak dünýä ylmynyň we tehnikasynyň häzirki zaman gazananlaryny durmuş-ykdysady ösüşiň bähbitleri we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin ulanmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň makalasynda taraplaryň häzirki wagtda aragatnaşyk ugrundan, türkmen telekommunikasiýa toruny döwrebaplaşdyrmak, aragatnaşyk hemrasyny uçurmak boýunçataslamalaryň üstünde işleýändikleri we aralykdan zondirleme hemralaryndan peýdalanmak ugrundaky mümkinçilikleri öwrenýändikleri bellenilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok