Döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak boýunça maslahatlar!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň Gyş paslynda döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak boýunça maslahatlary:

  • Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý ediň! Elleriňizi arassa saklaň!
  • Jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň.
  • Aram-aram burçly unaş içiň. Çünki gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler adam bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Burçly unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we olary ýeňil geçirmekde örän peýdaly tagamdyr. Naharyň gapdalyndan sogan we sarymsak iýmegi endik ediniň!
  • Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda bejerijilik häsiýetli aýratynlyklary beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik ediniň!
  • Pasla görä geýniň we çagalaryňyzyň hem geýnişine gözegçilik ediň!
  • Her gün ýaşaýyş jaýynyň otaglaryny ýelejiredip, yzygiderli çygly arassalaýyş işlerini geçiriň!
  • Çygly arassalaýyş işlerinden soň, üzärlik tütedip, otaglaryň howasyny tämizläň!
  • Sagdyn we berk bedenli bolmak üçin arassa howada gezelenç etmeli we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly. Işjeň hereketde boluň!
  • Iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý ediň!
  • Maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, öz wagtynda keselleriň öňüni alyş sanjymyny kabul ediň!

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok