Saida Mirziýoýewanyň mugallymlar barada eden çykyşy metbugatda we sosial ulgamda uly ses getirdi. Bu barada daryo.uz habar berýär.
Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Saida Mirziýoýewa “Zakowat” intellektual bäsleşigiň 2022-nji ýylyň jemleýji döwlet tapgyrynda ýeňijileri sylaglandyryş dabarasyna gatnaşdy. Saida Mirziýoýewa häzirki wagtda ýurduň Prezidentiniň kommunikasiýa we maglumat işleri boýunça edarasynyň baş dolandyryjysy wezipesinde hereket edýär.
Saida Mirziýoýewanyň bu sylaglandyryş dabarasynda mugallymlaryň jemgyýetdäki orny barada eden çykyşy ýurduň çäginde we birnäçe daşary ýurt metbugatynda-da uly seslenme getirdi:
“ Bugünki günde mugallym häkimlik çäreleriniň hyzmatçysy, öýme-öý aýlanyp statistika toplaýjy, mugt ussa, bagban, tämizlikçi, mekdebe gelýän komisiýalara hyzmat berýän ofisiant we aşpez, işçi meýdanlaryň we jemgyýetçilik toparlarynyň agzasy, içgysgynç çärelerde zaly doldurýan massowka, ilatdan kreditler we salgyt barada maglumat ýygnaýjy, metbugat neşirlerine mejbury abunaçy, gijeki nobatçy we mekdep garawuly, kimdir birileriniň maşgalalardaky birahatlyk we terbiýesiz çagalary üçin hem jogapkär adam.
Mekdep näme? Sapak näme? Çagalaryň bilimi näme? Bu ýagdaýda bilimi nädip rowaçlandyrmak mümkin? Mugallymyň şahsy durmuşy, maşgalasy we perzentleri üçin sarpedýän wagty hakynda bolsa aýdyp hem oturmaly däl.
Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ähli meseleleriň çözgüdi bilimde. Onuň sütuny bolsa okadyjy, mugallymdyr.
Bugün biz şeýle bir jemgyýeti gurmaly, onda mugallymyň gadry hem, mertebesi hem belent bolmagy zerur.
Mugallymlar erkin pikirlenip bilýän, öz üstünde dowamly işleýän, her taraplaýyn hemaýat edilen bolmaly.
Bütin jemgyýet mugallyma hemaýat edip, onuň mejbury mähnete, dürli goşmaça işlere sezewar edilmegine garşy dursa, bu maksada ýetip bileris.
Şu kesp eýelerine wezipesinde daşary işleri ýükleýänler, administratiw we jenaýat jogapkärçiligine çekilmeli. Bu barada degişli kanun taslamasy işläp taýýarlandy we ýakyn wagtda tassyklanylmagyna garaşylýar.”
“Zakowat” olimpiadasynyň ýeňijileri sylaglandy
2022-nji ýylyň 14-17-nji dekabr aralynda döwlet tapgyry geçirilen “Zakowat” bäsleşiginde ýeňiji bolan toparlaryň uniwersitetlerine degerli sowgatlar berildi. Birinji orna mynasyp bolan Karshi döwlet uniwersiteti döwrebap kitaphana, ikinji ýere eýe bolan Daşkent lukmançylyk akademiýasynda 100 sany monoblok kompýuter, Daşkent döwlet pedagogiki uniwersitetine bolsa 100 sany noutbuk kompýuter bilen sylaglandy.
Teswirler
Mollumlan gadyry bilinse yagsy
Makalanyň teksti kimdir çalasowat kişi tarapyndan ýazylypdyr ýaly. Ýalňyşlardan doly. Internet arkaly ýaýradylan materiallaryň tekstiniň öňünden doly redaksiýa edilmegi zerur