“Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy — taslamalar öz wagtynda ýokary hilli tabşyrylýar

Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasy 2010-njy ýylda esaslandyryldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy “2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” ýerine ýetirmekde öz goşandyny goşmak bilen “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy döredilen gününden bäri Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda gurluşyk gurnama işlerini alyp barýar.

 “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasynyň maliýe, maddy üpjünçilik serişdeleriniň talaba laýyk ýeterlikdigini, ähli gurluşyk gurnama işlerini alyp barmak üçin ýeterlik derejede enjamlar bilen üpjün edilendigi we ýokary bilimli, derejeli ussat hünärmenler we daşary ýurt hünärmenler zähmet çekýändigini göz öňünde tutup, häzirki wagta çenli kärhana tarapyndan:

Ahal welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirligi bilen Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Alam obasynyň pagtaçylyk zolagynda 500 orunlyk orta mekdebiniň gurluşygy;

Ahal welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirligi bilen Ahal welaýatynyň Kaka şäherinde 500 orunlyk medeniýet öýüniň gurluşygy;

Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Ýasmansalyk geňeşliginiň çägindäki ýerlerde-Täze obada 16 sany 1 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işleri

Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynda 160 orunlyk çagalar bagynyň  gurluşygy;

Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan, Garaşsyzlyk şaýollarynyň hem-de Oguzhan we 1971-nji (G.Ezizow) köçeleriniň aralygynda bir sany 12 gatly 66 öýli, 1-nji gaty dukanly döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk-gurnama işleri;

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 120 baş aty saklamaga niýetlenen Halkara karantin merkezi;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna Aşgabat şäheriniň 2127-nji (G.Kulyýew) köçesiniň ugurynda edara we söwda maksatly binalar toplumyny gurmak üçin ýer böleklerini resmileşdirmek baradaky 517 belgili kararynyň goşundysynda görkezilen sanawa laýyklykda meýdany 0,7 ga bolan meýdanda gurluşyk-gurnama işleri;

Aşgabat şäheriniň Seýdi we Mollanepes köçeleriniň ugrunda 2 sany 3 gatly, 6 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň  gurluşyk-gurnama işleri;

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap obasynda 960 orunlyk orta mekdebini gurmak boýunça gurluşyk-gurnama işleri;

Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralagynda 1 sany 12 gatly 72 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýynyň boýunça gurluşyk-gurnama işleri;

Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasynyň hem-de Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binasynyň durkuny täzelemek, ony döwrebap sport enjamlary bilen enjamlaşdyrmak hem-de onuň çäginde sport desgalarynyň, 450 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň, dynç alyş meýdançalarynyň we bassyrmaly awtoduralganyň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri bilen abadanlaşdyryp gurmak boýunça gurluşyk-gurnama işleri;

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň gurluşyk-gurnama işleri;

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 150 orunlyk onkologiýa hassahananyň gurluşyk-gurnama işleri;

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň çäginde çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähiniň gurluşygy boýunça gurluşyk-gurnama işleri;

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 600 orunlyk orta mekdebini gurmak boýunça gurluşyk-gurnama işleri amala aşyryldy. Taslamalary öz wagtynda we ýokary hil bilen tabşyrmak hususy kärhananyň işgärleriniň baş maksady bolup durýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok