Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty netijesinde, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler dowam edýär.
Ajaýyp zamanamyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, sowatly bolmagy üçin ýokary okuw jaýlary, orta hünär okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ajaýyp binalarda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirýän lingafon enjamlarynyň, multimediýa tehnologiýalarynyň üsti bilen talyplara dil öwredilýär. Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurdaky ähli aladalary ylym-bilimden paýly türkmen ýaşlaryna ruhubelentlik paýlaýar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine, zähmet çekmegine giň ýol açylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli peýdalanmak, jemgyýetçilik aň-düşünjäni, dünýägaraýşy ýokarlandyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär.
Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip terbiýeläp ýetişdirmek milli ýörelgelerimiziň biridir. Milli terbiýede ýaşlaryň bilimli bolmagyny gazanmak bilen bagly birnäçe pähimler, nakyllar bar. Munuň özi häzirki ajaýyp döwrümizde milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini, ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär.
Goý, ýaş nesilleriň kämil bilim almagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Gunça ŞAMURADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler