Arkadagly Serdarymyz ýaş nesliň bilim-terbiýesiniň hiline iňňän uly ähmiýet berip, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde uly işlere badalga berýär. Ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, bilim işgärleriniň iş we durmuş şertleri ýokarlandyrylýar. Şeýle alada bilim işgärleriniň jogapkärçiligini ýokarlandyryp, abadan geljegimiziň eýeleri boljak ylymly-bilimli, sagdyn, watansöýüji, halal ýaşlary kemala getirmäge borçly edýär.
Garaşsyz, Diýarymyzda ýaş nesil baradaky alada ösüşli döwrümiziň ösen talabyna laýyk ýola goýulýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik ösüşlerden we özgerişlerden göz ýetirmek bolýar. Ajaýyp zamanamyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, sowatly bolmagy üçin ýokary okuw jaýlary, orta hünär okuw mekdepleri gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ajaýyp binalarda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirýän lingafon enjamlarynyň, multimediýa tehnologiýalarynyň üsti bilen talyplara dil öwredilýär. Arkadagly Serdarymyzyň bu ugurdaky ähli aladalary ylym-bilimden paýly türkmen ýaşlaryna ruhubelentlik paýlaýar.
Bilim — ynsanyň ruhy hazynasy bolup, her bir işde aýdyň ýol görkezýär. Şonuň üçin hem röwşen geljegi nazarlap barýan halkymyz bu günki günde ylymda, bilimde uly üstünlikleri gazanýar. Ýaş nesliň ene dili bilen bir hatarda, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin-de ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Bu babatda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» çäklerinde bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmuny baýlaşdyrylýar. Şu wezipeden ugur alyp, biz hem okuw meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Bu bolsa biz ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine itergi berýän mümkinçilikdir.
Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösdürilmegi, ýaş nesliň okamagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Jemal RÖWŞENOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler