Şu gün ýagny 3-nji ýanwarda, ýurdumyzdaky mugallymlaryň we olaryň taýýarlan okuwçylarynyň şäher, welaýat, döwlet, halkara derejesinde gazanan üstünliklerini açyp görkezýän şeýle hem geçirilýän bilim-terbiýeçilik çäreleri bilen bagly täzelikler ýerleşdirilýän «TmPedagog» web sahypasy işe başlady.
Web sahypada mugallymlaryň iş tejribesi, adygan türkmen pedagoglarynyň ganatly sözleriniň ýygyndysy, baýry mugallymlaryň ýaş mugallymlara we ata-enelere peýdaly maslahatlary, gollanmalar, görkezme esbaplary, şygyrlar, hekaýalar, söhbetdeşlikler, bäsleşikler, dürli mazmunly bildirişler ýerleşdirilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, «TmPedagog» web sahypasy telekeçi, pedagog Döwranguly Annagulyýew tarapyndan esaslandyryldy.
Teswirler