«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahaty we sergisi 25-27-nji oktýabrynda geçiriler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahaty we sergisi şu ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriler. Bu barada, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda neşir edilen 2023-nji ýylda geçiriljek sergileriň we maslahatlaryň senenamasynda görkezilýär.

Belläp geçsek, «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» Halkara maslahaty we sergisi ýurdumyzda her ýyl geçirilýän däp bolan pudaklaýyn çäre öwrüldi. Bu forumlara köp sanly bilermenler, alymlar, iri nebitgaz kompaniýalarynyň we halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary pudaklaýyn bazaryň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we meselelerini kesgitlemek üçin ýygnanýarlar.

Şu ýylyň 26-28-nji oktýabrynda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVII Halkara maslahaty we sergisi geçirildi. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «GaffneyCline»  britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda guralan ýöriteleşdirilen iri foruma dünýäniň 45 ýurdundan 500-den gowrak wekil gatnaşdy.

Şükürgeldi BABAJANOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň nebitgaz desgalary we senagat
gurluşygy hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok