Ýylyň şygary — döwrüň çyragy

30-njy dekabrda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «2023-nji — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenleriň belläp geçişleri ýaly, Türkmenistan häzirki döwürde raýatlarymyzyň parahat ýaşaýşy üçin iň oňaýly ýollary, ýokary ideýalary döwletiň hem jemgyýetçilik ösüşiniň iş ýüzündäki hakyky daýanjyna öwürmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirýän we bu ugurda milli derejede öňegidişlik gazanan ýurt hökmünde tanalýar.

Ýurdumyzda her ýyla döwrüň ruhundan, belent joşgunyndan gelip çykýan ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu däp milli agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň isleglerini göz öňünde tutup, täze — 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden karary halkymyzda uly buýsanç döretdi.

Maslahatda çykyş edenler tamamlanyp barýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ýatda galyjy ýyllaryň biri bolandygyny aýdyp, bu ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilendigini, onda Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutanlygyna saýlanmagynyň halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, Garaşsyzlyk ýyllarynda geçilen ýollaryň ygtybarlydygynyň aýdyň görkezijisine öwrülendigini nygtadylar.

Meýrem AŞYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok