Täze ýyl yrymlary

Täze ýyldan öň ähli bergileriňi berip, kine saklaýan adamyň bilen ýaraşmaly.

* * *

Täze ýyl saçagynda dürli-dümenden näçe köp goýsaň, geljek ýylda şonça-da köp pul gazanarmyşyň.

* * *

Täze ýylda söýgiňe ýa-da söwer ýaryňa gowuşmak isleýän bolsaň, onda Täze ýyl arçasynda ýürek şekilli jäjek asmak yrym edilýär.

* * *

Eger-de, 1-nji ýanwar güni irden gapynyň bosagasyndan erkek adam görünse, şol ýyl zenan maşgala üçin bagtly ýyl bolarmyş.

* * *

1-nji ýanwarda asman çal reňkde bolsa, howa ýyly, ak reňkde bolsa sowuk bolar.

* * *

Öýe serenjam bermegi 31-nji dekabra goýmaly däl.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok