Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy.
Serdar Berdimuhamedow “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasyndaky ýurdumyzyň Baş arçasynyň daşyndan bagtyýar çagalar bilen bilelikde aýlandy.
Bu ýerde baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Ýaş aýdymçylar, sazandalar, çagalar tans toparlary öz ukyplaryny we zehinlerini açyp görkezdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çagalaryň hemmelerde buýsanç duýgusyny döredýän çykyşlaryny synlady. Bu ýerde guralan dabara gatnaşan çagalaryň hemmesine baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.
Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen bilelikde şu günki şatlykly wakadan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi.
Teswirler