Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz täze ýeňşiň, beýik üstünlikleriň buşlukçysy bolup halkymyzy bagtyýar geljege atarýar. Halkymyzyň ykbalyny özgerdýän beýik tutumly işler Arkadagly Serdarymyzyň egsilmez sahawaty bilen barha rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara, hoş habarlara beslenip halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Bu günki günde Hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtyýarlygyň we asudalygyň höküm sürýän ýurdumyzda uludan bellenilýän toý baýramlary halkymyz agzybirlikde jebislikde bir supranyň başyna jemlenip joş joşgunyna besläp belleýärler. Ynha-da ähli adamlaryň kalbyny uly ruhubelentlige besläp, ak arzuwlara, päk niýetlere besläp Täze ýyl baýramçylygy ýetip geldi.
Täze ýyl diýilse – gyş paslynyň sowuk howasy, ak garlaryň älem jahana nur paýlap ýagmagy, adamlaryň bir-birege sowgatlary bermegi we ýagşy arzuwlary aýtmagy göz öňümizde janlanýar. Täze ýyl – maşgala baýramydyr. Halk arasynda bu baýramçylykda adamlaryň iň arzylanýan arzuwlaryň hasyl bolýandygyna berk ynanypdyrlar. Täze ýyl baýramy dünýä döwletleriniň her biriniň öz milli däp-dessuryna laýyklykda bellenilip geçilýär. Saçaklaryň giňden ýazylmagy her dürli tagamlaryň, işdäaçarlaryň, süýji nygmatlaryň taýýarlanmagy bolsa, täze ýyl baýramynyň gyzgyny baýlaşdyrýar. Arça agaçlarynyň bezelmegine aýratyn ähmiýet berlip, owadan çyra yşyklary bilen öýleri we köçeleri bezemek bu baýramçylygyň şatlyk-şowhunda garşy alynmagyna ähmiýet berýär. Täze ýylyň şatlygy her bir maşgala, ojaga rysgal-döwlet bolup dolýar.
Täze ýyl baýramçylygy uludan kiçä her bir adamyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan baýramydyr. Täze ýyl baýramçylygy barada oýlanaňda bagtyýar geljegimiz bolan çagalaryň uzak – uzak ülkelerden uzak menzilleri aşyp gelen Aýazbabadyr Garpamyga sabyrsyzlyk bilen garaşmagy, olara niýetläp arzuwly hatlaryny ýazmagy, depesinde ýyldyz şekilli uly arçanyň her dürli jäjekler bilen bezelmegi, ululy-kiçili sowgatlaryň bir-birege berilmegi ruhuňy göterýär, kalbyňa buýsanç duýgusyny berýär. «Täze ýyly nähili garşylasaň geljek ýyl hem şonuň ýaly geçýär» diýen düşünje bolsa adamlaryň aňynda müdimilik ornaşandyr. Şol düşünjäni aňynda mäkäm ornaşdyran halkymyz hem agzybirlikde, jebislikde baş arçanyň daşyna ýygnanyp aýdym aýdyp, tans edip täze ýyly bagtyýarlykda garşylaýarlar.
Her ýyl Täze ýyl baýramy eziz Diýarymyzda uly ruhubelentlige beslenip, ýokary guramaçylykda bellenilip geçilýär. 2022-nji ýyl Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda taryhy ähmiýetli, halk bähbitli özgertmeleriň dünýä ýaň salan ýyly boldy. Bu ýylda açylan medeni maksatly binalar, döwrebap ak mekdepler, çagalar baglary Türkmenistan döwletimiziň binagärlik keşbini hasda kämilleşdirip, eziz Watanymyzyň abraý mertebesini dünýä ýüzünde belende göterdi. Ýaňy ýakynda hem Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezine «Arkadag» şäheri diýip atlandyrmaga halkymyzyň bir agyzdan ses bermegi şu ýylymyzyň döwletli tutumlara, hoş habarlara beslenip zähmet üstünlikler bilen tamamlanjakdygy her birimizi buýsandyrýar. Geljekde bina ediljek «Arkadag» şäheri öz binagärlik keşbi, döwrebap desgalary bilen dünýä ýüzüni haýrana goýjakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Şan-şöhrata beslenen, bereketli bolan 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bilen hoşlaşan halkymyz geljek ýyly hem zähmet üstünliklerine besläp, täze ýyla batly gadamlar, täze başlangyçlar bilen gadam basdy. Geljek 2023-nji Towşan ýyly hem bagtyň gujagynda hüwdülenýän türkmen halkymyzyň her bir raýatyna, mukaddes ojaklarymyza bagt eçiljek, rysgal-döwletli, düşümli ýyllaryň biri bolsun! Eşretli zamanada halkymyz bolelin, bagtly durmuşda ýaşadyp, toý-dabaralarymyzyň dünýä ýüzünde ýaýbaňlandyrylyp geçirilmeginde giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Ülker ORAZGELDIÝEWA,
Türkmen Döwlet Medeniýet institutynyň
«Teatr sungaty» fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.
Teswirler