Reňkli ýagyşlar hakda bilmek gyzykly..

Belli bolşy ýaly, ýagyş – bu suw damjasy görnüşdäki bulutlardan aşak düşýän atmosfera ygalydyr. Güýz paslynyň gelmegi bilen ýagynly, ygally günler has-da köpelýär. Adatça ýagyş reňksiz bolup, käte dürli sebäplere görä, onuň reňkli görnüşi hem gabat gelýär. Reňkli ýagyşlar barada gadymy ýazgylarda hem beýan edipdirler. Ýagyşyň reňkli görnüşi hakynda bilmek täsirli bolsa gerek:

Gyzyl ýagyş. Ýagşyň bu görnüşi XIX asyrda dünýäniň dürli ýurtlarynda dürli ýyllarda hasaba alyndy. Mysal üçin, Italiýada, Gresiýada, Alžirde, Sisiliýada. Ýagşyň bu reňkini Afrikanyň sebitlerinden ýel bilen uçup howa goşulýan dürli tozan bölejikleriniň emele getirýändigi öwrenildi.

Gara ýagyş. Bu görnüşli ýagyşy atmosferadaky suw damjalary bilen wulkan atylandaky emele gelýän tozanyň garylmagy netijesinde ýüz çykýar. Beýle ýagyş Monrealda hasaba alnypdyr.

Ak ýagyş. Tebigy hek tozany bilen howadaky suw damjalarynyň bilelikdäki emele getirýän ýagyşy hem özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Sary ýagyş. Bu reňkli ýagyşyň emele gelmeginiň sebäbi ondaky dürli ösümlikleriň tozanlyklary bolup durýar. Şeýle ösümliklere berýoza we beýleki gyrymsy agaçlar degişlidir.

Ösümlik tozanlyklary käte ýaşyl reňkli ýagyşyň döremegine hem sebäp bolýar. 2002-nji ýylda bolup geçen adaty bolmadyk şeýle hadysa Hindistanda hasaba alnyp, onuň düzüminde mango tozanjyklarynyň bardygy ýüze çykaryldy.

Merjen HOJAMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok