Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleri dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýyl hem uly üstünliklerine beslenip tamamlanyp barýar. Watan harmanyna milli baýlygymyz bolan pagtanyň, esasy azyklyk önümimiz bolan bugdaýyň, şalynyň, şeýle hem beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny tabşyran Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işlerine hem yhlasly girişdiler.

Häzirki wagtda welaýatyň ähli etraplarynda hasyly ýygnalan ýerlerde sürüm işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu işde welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň guramaçylykly işleri özüniň aýdyň netijelerini berýär.

Ýerleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda sürmek we tekizleýiş işlerini geçirmek bereketli toprakdan bol hasyl almaklygyň ilkinji şertidir. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, tutanýerli zähmet çekýän hünärmenleriň we mehanizatorlaryň tagallalary, dünýäniň belli kompaniýalarynyň önümleri bolan kuwwatly tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanylmagy netijesinde her gün 2 müň 20 gektardan gowrak ýerde ýokary hil derejesinde sürüm işleri geçirilýär. Welaýatda häzirki döwre çenli sürülen meýdanyň möçberi bolsa 40 müň gektardan aşypdyr.

Bu möhüm işe kuwwatly, ýokary öndürijilikli traktorlaryň 170-e golaýy çekilipdir hem-de olaryň gurat we netijeli işlemekleri üçin ähli şertler döredilipdir. Munuň şeýledigine sürüm traktorlarynyň bir günüň dowamyndaky ortaça öndürijiliginiň 12–13 gektara barabar bolýandygy hem şaýatlyk edýär. Welaýatda sürüm we tekizleýiş işleriniň utgaşykly alnyp barylýandygyny belläp geçmek möhümdir.

Welaýatyň Halaç hem-de Çärjew etraplarynda bu möhüm agrotehniki çäräniň has-da netijeli alnyp barylmagy möwsüme ykjam taýýarlykly gelnendigini subut edýär. Gyşky sürüm işleriniň guramaçylykly alnyp barylmagy gündogar sebitiň oba hojalykçylarynyň geljek 2023-nji ýylda hem gowaça ekiljek 130 müň gektar ýerde bol pagta hasylynyň düýbüni tutjakdyklaryna güwä geçýär.

Hajybibi MÄMMEDOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok