Hormatly Prezidentimiz özüniň juwanlyk güýji bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde daglar ýaly beýgeldip, pajarladyp ösdürýär. Bu işlerde Arkadagly Serdarymyz ýurdumyzyň edermen, maksada okgunly, geljege ynamly ýaşlaryna berk ynanýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy bolsa, bu ýylky beýik ösüşlerimize bagtyýar ýaşlarymyzyň hertaraplaýyn goşjak goşandyny alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamalary kabul etmegi möhüm halkara meseleleriň çözülmegine ýurdumyzyň goşýan goşandynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.
Bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Şu maksat bilen ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmekde, halkymyzy abadan durmuşda, bagtyýar zamanada ýaşatmakda bimöçber işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, her bir tutýan tutumlary üstünliklere beslensin.
Pälwan AMANMEDOW,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.
Teswirler
Sözleýşiň örän göwnüme ýarady😊Şu ýagdaýda dowam etmegiňi we üstünlige ýetmegiňi arzuw edýärin
Berekella sular yaly yaslar kop bolsyn!