Arkadag şäheri – ýurdumyzyň ilkinji «akylly» şäheri

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyza parasatly baştutanlyk eden ýyllarynda amala aşyrylan beýik işler halkymyzyň milli mertebesini has-da beýgeltdi. Türkmenistan döwletiniň at-abraýy jümle-jahanda dabaralandy. Amala aşyrylan ägirt uly, döwletli taslamalar bu gün täze bir döwre — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýgytly badalga boldy. Eýýamyň beýik işleri, asylly başlangyçlary bu gün Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Birinji tapgyry tamamlanyberen, ikinji tapgyry badalga alan Arkadag şäheriniň giň gerimli gurluşygy bolsa biziň döwrümiziň ägirt uly, taryhy taslamasydyr.

Gahryman Arkadagymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde il-ýurdumyza hyzmat etmegiň täze, belent nusgasyny görkezýär, halkyň arasyna ýygy-ýygydan çykyp, il-günüň hal-ýagdaýy bilen ýakyndan tanşyp durýar. Munuň özi döwletiň we halkyň mizemez jebisligini, bitewüligini hasyl edýär. Şoňa görä-de, halkymyz Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden buýsanýar, kalbynda tükenmez alkyşlar besleýär. Il-halkymyzyň ýürek sesi esasynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine Gahryman Arkadagymyzyň adynyň dakylmagy bu hakykaty ýene-de bir gezek doly tassyklady. Bu ajaýyp çözgüt ähli watandaşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyryp, Täze ýyl şatlygyna şatlyk goşdy.

Milli Liderimiz täze şähere «Arkadag şäheri» adynyň dakylyp, uly hormat bildirendikleri üçin mähriban halkymyza köňül hoşallygyny beýan edip, şeýle diýdi: «Halkymyň ynamy meniň üçin ähli zatdan ýokardadyr, belentdir we mukaddesdir. Bu beýik ynam meni ýene-de köp işleri bitirmäge borçly edýär».

Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Mekan ABDYÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok