Ýurdumyzda daşary ýurtly sungat ussatlary konsert berdiler

Şu günler gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumy – Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli daşary ýurtly sungat ussatlarynyň konsertleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi.

25-nji dekabrda, russiýaly estrada aýdymçylar Nýuşa Şuroçkina we Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti Dima Bilan türkmenistanly muşdaklaryna joşgunly aýdym-sazlary bilen lezzet paýlasalar, 26-njy dekabrda, Türkiýeden gelen meşhur aýdymçylar Irem Deriji hem-de Mustafa Sandal bu özboluşly sungat baýramçylygyny dowam etdirdiler. Ady agzalan sungat ussatlarynyň Türkmenistanda ozal hem birnäçe gezek konsert maksatnamalary bilen çykyş edip, ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlaryň gyzgyn söýgüsini gazanandyklaryny ilkinji nobatda bellemeli. Olar hemişe ýurdumyzda türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy däpleri esasynda garşylanyp, tomaşaçylaryň giň goldawyna mynasyp bolýarlar. Bu gezegem şeýle boldy. Dostlukly ýurtlaryň meşhur aýdymçylary paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden başlap, ýerleşen myhmanhanalarynda, konsertleriň geçirilýän ýerinde güler ýüzlülik, hoşniýetlilik bilen garşy alyndy.

Ýeri gelende belläp geçsek, aýdym-saz dünýäsinde örän gysga wagtda uly meşhurlyk gazanan, «Jony» ady bilen tanalýan russiýaly aýdymçy Jahid Afrail ogly Guseýnli bolsa şu gün — 27-nji dekabrda ýekelikdäki konsert maksatnamasy bilen çykyş eder.

Akgül HANBERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok