Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda döwlet hem halkara ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, üstünlikli durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda amala aşyrylýan iri taslamalar ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, olaryň öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyna, tehniki-tilsimat taýdan üpjün edilmegine şert döredýär. Eziz ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça öňde goýulan wezipelerde, ekerançylyk ulgamynda häzirki döwürde sanlylaşdyrmak işleri barha batlanýar. Türkmenistan döwletimiz daşary ýurtlardan satyn alynýan oba hojalyk tehnikalaryny telematik sanly ulgama geçirmek barada möhüm wezipeleri öňde goýdy. Häzirki wagtda telematik sanly ulgam bilen doly üpjün edilen döwrebap tehnikalar ýurdumyza tapgyrlaýyn getirilip önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Sanly telematik ulgamy dolandyrmak boýunça zerur hünärmenler bilen pudagy yzygiderli üpjün etmekde möhüm çäreler görülýär, bu ugurda bilim alýan ýaşlaryň hünär taýýarlygyna uly üns berilýär. Oba hojalyk pudagynda sanly ulgamyň ösdürilmegi, takyk, sanly ekerançylyga geçirilmegi pudagyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz ähli önümçilik düzümleriniň tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna we üpjün edilmegine yzygiderli ýardam berýär. Ýurdumyza tapgyrlaýyn esasda getirilýän iň täze hem kuwwatly tehnikalaryň nobatdaky tapgyrynyň gelip gowuşmagy oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşini, düşewüntliligini hem-de netijeliligini üpjün edýän serişde bolup çykyş edýär. Çünki sanly tehnologiýalar, kuwwatly tehnikalar ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň barha ösmeginiň berk binýady bolup durýar hem-de pudagyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagyny şertlendirýär. Milli ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini pugtalandyryp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrar. Bu bolsa Türkmenistan Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýan ýollarynda gülläp ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen ulgamlaýyn işleri durmuşa geçirmäge ýardam edýär. Mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň berkararlygy ugrunda ähli tagallalary edýän, il-ýurt bähbitli beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň beýik özgertmeleri dowamat dowam bolsun, jany sag, mertebesi belent bolsun!
Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler