Mary welaýatynda şowhunly baýramçylyk konserti geçirildi

Şu günler Diýarymyzyň ähli künjeginde Täze ýylyň öň ýanynda baýramçylyk dabaralaryna uly orun berilýär. Şeýle baýramçylyk konserti düýn Mary welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.

Ýurdumyzyň estrada aýdymçylarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti hemmeler üçin örän täsirli boldy. Onda ýurdumyzyň ösüşlerini, Arkadagly Serdarymyzy wasp edýän we başga-da, birnäçe ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi. Konserte gatnaşyjylaryň ýaňlanan aýdymlara joşup tans etmegi bolsa, guralan konsertiň şowhunyny artdyrdy. Binanyň içinde bezelen Täze ýyl arçalary ildeşlerimiziň baýramçylyk keýpini göterip, olarda ýatdan çykmajak ýatlamalary galdyrdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok