Döwrüň iň gowy Roždestwo filmleri:

Mälim bolşy ýaly, Hristian dünýäsi her ýyl 25-nji dekabrda Roždestwo baýramyny belleýär. Film hünärmenleri bu baýramçylyk mynasybetli iň gowy Roždestwo filmleriniň sanawyny düzdüler. Şoňa görä-de, iň gowy Roždestwo filmleriniň sanawynda birinji ýerde 1946-njy ýylda çykan «It’s a Wonderful Life» (Ajaýyp durmuş) atly film durýar.

«Ajaýyp durmuş» filmi Roždestwony tanadýan, mälim edýän, kesgitleýän film bolup durýar. Filmde Roždestwo gijesinde öz janyna kast etmekçi bolýan bir adamyň erbet niýetinden ýüz öwrüp ýaşaýşa täzeden başlamagy barada gürrüň edilýär.

Ikinji ýerde, 1983-njy ýylda çykan «A Christmas Story» (Roždestwo hekaýasy) atly film durýar. Filmde maşgalasynyň we oýunjak ýaragynyň iň gowy Täze ýyl sowgadylygyna ynandyryljak bolýan kiçijek çaganyň hekaýasy gürrüň berilýär.

Üçünji ýerde, 2003-nji ýylda çykan «Elf» (Adatdan daşary barlygyň bir görnüşi) atly film durýar. Filmde, Demirgazyk polýusda ýaşaýan adatdan daşary bir barlyk görnüşi diýip pikir edýän bir adamyň ýaşy ulaldygyça özüniň hakykatdanam adamdygyna düşünip, maşgalasynyň gözlegine çykyşy we onuň Roždestwo ynanjy gaty gowşak bolany üçin lapykeç bolşy barada gürrüň berilýär.

Dördünji ýerde, 1990-njy ýylda çykan «Home Alone» (Öýde ýeke özi) atly film durýar. Filmde Täze ýyly maşgalasyndan aýry geçirmeli bolan bir çaganyň başdan geçirmeleri barada gürrüň berilýär. Bu film aradan 30 ýylyň geçendigine garamazdan entegem meşhur bolmagyna galýar.

Bäşinji ýerde, 1947-nji ýylda çykan «Miracle on 34th Street» (34-nji köçedäki gudrat) atly film durýar. Filmde, Nýu-Ýork şäherindäki dükanda Aýazbaba bolup işleýän we özüniň hakyky Aýazbabalygyny aýdýan adam hakda gürrüň berilýär.

Film hünärmenleri, bu Roždestwo filmlerini maşgala bolup görmekligi maslahat berýärler.

Merjen AŞYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok