Döwrebap arhitekturanyň ajaýyp nusgasy

Üstünlikler hem rowaçlyklar bilen galkynýan Türkmenistan Watanymyz Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe netijeli sepgitlere, guwandyryjy zähmet ýeňişlerine beslenýär. 2019-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyna Arkadagly Serdarymyz tarapyndan badalga berlipdi. Şondan bäri gysga wagtyň içinde şäher gurluşygynyň ösen talaplaryna laýyk gelýän, ylmyň hem tehnologiki ösüşleriň soňky gazananlary, milli ýörelgeler hem-de dünýä tejribesi utgaşdyrylan döwrebap, ajaýyp şäher emele geldi. Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz yhlasynyň, binagärlik babatda ýiti zehininiň, baý tejribesiniň esasynda emele gelen bu döwrebap şäher kämil tehnologiýalar, akylly enjamlar bilen üpjün edilip, bu ýerde akylly şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp, ençeme desgalar bina edildi. Bu desgalar özüniň ýaşaýyş taýdan amatlylygy, gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylanlygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ekologik talaplaryň ýerine ýetirilmegi aýratyn üns merkezinde. «Arkadag» adyny alan bu döwrebap şäher ýurdumyzdaky ilkinji akylly şäherdir. Bu döwrebap şäherde «ýaşyl» tehnologiýalaryň ulanylmagy hem aýratyn bellärliklidir. Şäheriň çäginde ýola goýuljak ekologik taýdan arassa ulaglaryň hereketi, akylly awtoduralgalar, gün we ýel batareýalary, yşyklandyryş ulgamy, ösen sanly hyzmatlar, ykjam smartfonlar arkaly dolandyrylýan akylly ýaşaýyş jaýlary täze döwrüň täze sepgitleridir. Bu ýerde bina edilen ähli desgalar özüniň binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanman, eýsem olar döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün eder.

Her bir tutumy biz üçin ýol-ýörelge bolan Eziz Arkadagymyzyň adyny göterýän bu döwrebap şäher ösüşiň täzeçil ugrudyr. Arkadag şäheri –baky bagtyýarlygyň şäheridir, bu şäher binagärçiligiň gaýtalanmajak, belent nusgasydyr. Mähriban halkymyzyň şeýle eşretli durmuşda ýaşamagy, abadançylygy ugrunda beýik işleri bilen Watanymyz berkararlyga besleýän, ýurdumyzyň mundan beýläk hem özgermegi, gülläp ösmegi üçin uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza buýsançly kalplaryň alkyşlary egsilmezdir. Goý, Eziz Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan belent tutumlary, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklar bilen gurşalan berkarar Diýarymyzda barha şöhratlansyn!

Altyn ROZYÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok