Arkadag şäheri – geljege aýdyň ýörelge

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda her bir günümiz şanly seneler, taryhy wakalar bilen gurşalýar. Ösüşiň her bir işde hemra bolýan zamanasynda merdana halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak babatda netijeli işler alnyp barylýar.

Muňa mysal hökmünde, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi aýdyň subutnamadyr. Bu täze merkeze «Arkadag şäheri» adynyň dakylmagy bilen bagly hoş habar bolsa ähli watandaşlarymyzyň buýsanjyny, şatlygyny has-da goşalandyrdy. Binagärlik babatdaky ussatlygy, ýiti zehini bilen asylly wezipeleri ýola goýan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bu döwrebap edara ediş merkezinde ençeme döwrebap binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Bu ýerde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebi bolup, oňa meşhur atşynas hem halypa seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Aman Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy, Ahal welaýat kitaphanasyna beýik akyldar, meşhur «Wagzy-Azat» eserini miras goýan Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy, mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine ilhalar ynsan, zehinli mugallym, edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy, Ahal atçylyk sirkine merdana halkynyň beýik gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy, drama teatryna tanymal artist, režissýor, ýörite sungat mekdebine meşhur bagşy sazanda Sahy Jepbarowyň adynyň dakylmagy, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy bolsa ýurdumyzda türkmeniň şöhratly taryhynda meşhur yz galdyran şahsyýetlerimize, halypalara goýulýan belent sarpadan, hormat-sylagdan nyşandyr. Şeýle asylly däpler, asylly ýörelgeler ýurdumyzyň ösüşleriniň, millilik ýörelgeleriniň mynasyp dowamy bolup, eziz Watanymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ösüşlerine uly goşant hökmünde dabaralanýar.

Biz hem, şeýle ajaýyp zamanany, bagtyýar Diýary, bolelin ýaşaýşy bagyş edip, mähriban halkymyzy abadan hem parahat durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Eziz Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Leýla HYDYROWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň öwreniji mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok