Täze ýyl baýramy uly dabaralara beslenýär!

Her bir güni toýdur-baýramlara beslenýän eziz ýurdumyzyň ähli künjeklerini ýagşy umytlaryň baýramy bolan Täze ýylyň ajaýyp öwüşginleri gurşap aldy. yşyklandyryjy serişdeleriň ýagtylygy Aşgabady bezedi. Aýly agşamyň düşmegi bilen baýramyň bezegi bolan dürli öwüşginli yşyklaryň ýagtysy bilen çar ýan jadyly ertekä çalym edýär. Ajaýyp baýramçylyk görnüşleri bezemen meýdançalarda, ýollaryň ugurlarynda, seýilgählerde we obadyr şäherleriň her künjeginde şugla saçýar. Täze ýyl yşyklarynyň jadylaýjy öwüşgini mähriban Watanymyzyň ýetip gelýän Täze – 2023-nji ýyly uly ruhubelentlikde, şatlyk-şowhunly garşylaýandygyndan habar berýär.

Gözel paýtagtymyzdaky «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, welaýatlarymyzdaky «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň öňündäki bir-birinden bezemen Baş arçalar göwünleri galkyndyrýar. Dürli bezegleriň müň dürli görnüşleri bilen bezelip şugla saçýan owadan Täze ýyl arçasynyň ýanynda şowhunly çäreleri geçirmäge hem-de şatlanmaga eziz watandaşlarymyz we myhmanlarymyz ýygnanýarlar. Täze ýyl baýramynyň esasy gahrymanlary bolan Aýazbaba hem-de Garpamyk baýramçylyk şatlygyna şatlyk goşýarlar. Ähli ýerde hakyky baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyrylýar. Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk konsertleri gurnalyp, onda sungat ussatlarymyzyň baýramçylyk çykyşlary mähriban raýatlarymyza uly ruhubelentlik paýlaýar.

Täze – 2023-nji ýylyň hem ýagşy niýetlere, belent maksatlara, uly rowaçlyklara beslenjekdigine, ata Watanymyzyň il bähbitli beýik işler bilen barha şöhratlanjakdygyna her birimiziň ynamymyz diýseň uly. Çünki eziz ýurdumyz Türkmenistan Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda şan-şöhraty, abraý-mertebesi tutuş äleme dolan beýik işleriň, bedew batly özgertmeleriň amala aşyrylýan ýurdy hökmünde özüni dünýä tanatdy. Şeýle ösüş-özgerişler bolsa päk niýetleriň baýramy bolan Täze ýyl baýramynyň joşgunyny has hem artdyrýar. Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy, ähli watandaşlarymyzy Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Didar ORAZDURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok