Mustafa Sandal: «Aşgabat bizi örän ajaýyp garşylady!»

25-nji dekabrda, meşhur türk aýdymçysy Mustafa Sandal Türkiýäniň Ankara şäherinde uly konsert bereninden soňra gije sagatlarynda uçar arkaly Türkmenistana tarap ýola düşdi.

Ir säher bilen meşhur aýdymçy ýurdumyzyň Halkara howa menziline gelip gondy.

Mustafa Sandal özüniň şahsy sosial media platformasyndan: «Köp sagboluň! Aşgabat bizi örän ajaýyp garşylady!» – diýen sözleri paýlaşdy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok