Bilimli ýaşlar bilen belent sepgitlere

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe at-abraýy dünýä ýaýylýan, tarypy dillerde dessan eziz ýurdumyz belent ösüşleri nazarlaýar. Saba-säherlerimizi ýakymly habarlaryň buşlugy, şanly wakalaryň ýalkymy gurşaýar. Arkadagly Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryndan nurlanýan döwrümizde ýaşlaryň okamagy, göwnejaý bilim almagy, kämil hünär öwrenmegi babatda zerur bolan ähli şertler döredilýär. Çünki ylym-bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler ähli ugurlardaky ösüşleriň gözbaşydyr. Eşretli eýýamyň bagtyýar kerwenini ak ýollarda çekip barýan Watanymyzda geljekki uly ösüşleriň binýadyny berkden tutmakda, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde ylym-bilimiň orny ýokary derejä çykdy. Diýarymyzyň syýasy-ykdysady ösüşleri köp babatda ylym-bilim pudagynyň ösüş derejesine baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşy, nesilleriň edep-terbiýesi, ylym-bilim almaklary esasy üns merkezinde saklanýar. «Bilimli il ozar, bilimsiz il tozar» diýlişi ýaly, döwletimiziň nurana geljegi bolan ýaşlaryň kämil hünärli bolmaklary babatda ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýaş nesliň bilim binýady näçe berk bolsa, döwletiň kuwwatlylygy hem şonça ýokary bolýar. Ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Bilimiň hilini dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, okatmagyň häzirkizaman innowasion usullaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak esasy wezipelere öwrüldi. Häzirki wagtda diýarymyzda sanly bilim konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilip, ösen maglumat tehnologiýalaryny bilim işinde netijeli ulanmaklyk amal edilýär. Tehnologiki täzelikleri jemgyýetiň arasynda ýaýratmaklyk, ulgamyň tehnologik ösüşiniň çaltlandyrylmagy, elektron maglumatlar gorunyň döredilmegi möhüm wezipelerdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyz daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp, eziz Watanymyza gerekli hünärmenler bolup ýetişmek ugrunda yhlas edýärler. Biz, bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň bildirýän belent ynamyna jogap edip, mundan beýläk-de ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, bedew bady bilen barha özgerişlere beslenmeginde mynasyp goşjakdygymyzy goşmalydyrys. Berkarar Watanymyzda şeýle giň maksatly mümkinçilikleri döredip, halkymyzy berkararlyga, nesillerimizi bagtyýarlyga besleýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin

Şadurdy ARAZMUHAMMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok