Şenbe güni türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Halkara gatnaşyklary institutynda halypa diplomat, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Aksoltan Ataýewanyň gatnaşmagynda Halkara gatnaşyklary institutynyň garamagynda hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary bilen okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy gyzgalaňly ýagdaýda geçip, Ýaş diplomatlar mekdebiniň agzalary Aksoltan Ataýewa bilen sorag-jogap arkaly özleriniň bilimlerini baýlaşdyrdylar. Aksoltan Ataýewa esasan hem özüniň çykyşynda diplomat bolmagyň inçe syrlaryny, nädip ussat diplomat bolup ýetişmelidigi barada özüniň gyzykly gürrüňlerini beýan etdi.
Mundan başga-da Aksoltan Ataýewa institutda hereket edýän Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde talyplar bilen okuw sapagyny geçirdi.
Belläp geçsek, halypa diplomat Aksoltan Ataýewa 27 ýyldan gowrak Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinde işläp gelýär. Şeýle hem halypa Ilçi türkmen diplomatiýasynyň çäklerinde gazanylan tejribe, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekdäki ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekde öňde durýan wezipeler barada gürrüň berdi.
Kakageldi Akmyradow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Surata düşüren:
Berdigylyç Ýazmyradow
Teswirler